Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Energetik» bilen «Altyn asyr» utuklary paýlaşdylar

17:4023.10.2019
0
3860

Şu gün ― 23-nji oktýabrda Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda Ýokary liganyň 17-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygy geçirildi. Onda Mary DES-niň «Energetigi» paýtagtyň «Altyn asyryny» kabul etdi. Başdan-aýaga dartgynly geçen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky pökgüleriň ikisi hem birinji ýarymda geçirildi. Ilkinji ýarym sagat tamamlanyp barýarka, emin S.Gurbanow «Altyn asyryň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny 28-nji minutda Söhbet Allanurow dürs ýerine ýetirip, ýer eýelerini öňe çykardy. Ýöne olar bu üstünligi diňe 14 minut saklap bildiler. 42-njy minutda Mekan Aşyrow tapawutlanyp, «Altyn asyra» deňligi getirdi. Duşuşygyň galan minutlary howply hüjümlere baý bolan hem bolsa, hasap üýtgemedi.

Şeýlelikde, şu duşuşyk bilen Ýokary ligada üçünji aýlaw doly tamamlandy. «Altyn asyr» 48, «Energerik» bolsa 26 utuga çykdy. Indi «Altyn asyr» bilen ikinji orundaky «Şagadamyň» arasynda 7 utuklyk tapawut bar. «Energetik» bolsa dördünji orundaky bäsdeşi ― «Köpetdag» bilen aralygy 6 utuga çenli ýygyrdy.


Duşuşygyň netijesi:


Türkmenistanyň Ýokary ligasy - 2019. 17-nji tapgyryň duşuşygy.


Mary. "Energetik" stadiony. 500 tomaşaçy.


"Energetik" - "Altyn asyr" - 1:1 (1:1)


Gollar: Söhbet Allanurow 28 (11 m.j.u.) - Mekan Aşyrow 42.


Duýduryş berlen futbolçylar: Ilýa Salow 49, Amangeldi Saparow 77 - Mekan Saparow 18, (Energetik) Döwletýaz Berdiýew 27, Serdar Geldiýew 47, Begmyrat Baýow 59, Mihail Titow 89. Altymyrat Annadurdýyew (Duşuşykdan soň) (Altyn Asyr)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň