Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: Aziýa zolagynda Tailand bilen Mýanma ýarym finalda

17:2623.10.2019
0
638

22-nji oktýabrda futzal boýunça Aziýa çempionaty ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagy boýunça ikinji günüň duşuşyklary geçirildi. Zolak ýaryşynyň AFF-nyň sebitleýin çempionaty bilen ugurdaş geçirilýändigini ozal habar beripdik. Wýetnamda geçirilýän ýaryşyň netijesinde ilkinji üç orny eýelän ýygyndy Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanar.

Düýn «A» toparçada Mýanma Kambojany 13:3, Tailand Gündogar Timory 12:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, iki duşuşykda 6 utuk toplan Tailandyň we Mýanmanyň ýygyndylary toparçalaýyn ýaryşlar tamamlanmanka, ýarym finala çykmaga hukuk gazandy.

«B» toparçada Indoneziýa bilen Wýetnamyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. Awstraliýa bolsa Malaýziýany 6:4 hasabynda ýeňdi. Yzda galan iki duşuşykdan soňra Wýetnam bilen Indoneziýada 4, Awstraliýada 3 utuk bar. Malaýziýa bolsa eýýäm ýaryşy dowam etdirmek hukugyny ýitirdi.

Şu gün «A» toparçada Tailand ― Mýanma, Gündogar Timor ― Kambojiýa, «B» toparçada bolsa Indoneziýa ― Awstraliýa, Wýetnam ― Malaýziýa duşuşyklary bolar. Zolagyň ýarym final duşuşyklary 25-nji oktýabrda, üçünji orun ugrundaky we final duşuşygy 27-nji oktýabrda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň