Soňky habarlar

Arhiw

Hideomi Koinuma: «Türkmenistan bilen himiýa we nanotehnologiýalar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek babatynda pikir alyşdyk»

16:4923.10.2019
0
1407

Tokio şäheriniň «Shinagawa Prince Hotel» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-ýapon işewürler maslahatynda Tokionyň Tehnologiýalar institutynyň professory, Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi  Hideomi KOINUMA bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada «Türkmenistan» gazetine pikirlerini beýan etdi.

— Biz Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň agzalary bilen bilelikde bu günki işewürler maslahatyna gatnaşýarys. Biziň assosiasiýamyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň netijesinde döredildi we şondan bäri hem ylym, tehnologiýalar boýunça gatnaşyklarymyz yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen hepdede türkmen-ýapon işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasyndan çakylyk aldyk we biz muňa diýseň begendik.

Men Türkmenistana 10 gezekden hem köpräk baryp gördüm. Esasy maksadymyz — ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek. Türkmen Lideri ýurtda ylmy ösdürmäge, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Şoňa görä-de, biz Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris.

Biz bu günki maslahatda türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklaryny ylmy taýdan ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmagy maksat edindik. Assosiasiýamyzyň käbir agzalary bu ugurda degişli mowzuklar boýunça çykyş hem etdiler. Biz himiýa we nanotehnologiýalar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek babatynda pikir alyşdyk. Gepleşikler netijeli häsiýete eýe boldy. Ylym, bilim we tehnologiýalar — ine, biziň geljekki gatnaşyklarymyzy has-da berkitjek esasy ugurlar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa nobatdaky iş sapary türkmen-ýapon ylmy hyzmatdaşlygy üçin hem täze gözýetimleri açjakdygyna ynanýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň