Soňky habarlar

Arhiw

Ýasunori Sakamoto («Mitsubishi Corporation»): «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz geçen asyryň 90-njy ýyllaryna daýanýar»

16:4623.10.2019
0
1114

Tokio şäheriniň «Shinagawa Prince Hotel» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-ýapon işewürler maslahatynda  kompaniýasynyň wekili Ýasunori SAKAMOTO bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada «Türkmenistan» gazetine pikirlerini beýan etdi.

— Ilki bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa nobatdaky iş saparyna gabatlanyp guralan şu günki türkmen-ýapon işewürler maslahatynyň ýokary derejede geçirilendigini aýtmak isleýärin. Biz Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny we hususy pudagyň wekillerini Ýaponiýada görýändigimize şatdyrys.

«Mitsubishi Corporation» kompaniýasy barada aýtsam, kompaniýamyz baryp 90-njy ýyllardan bäri, Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar. Biz Türkmenistanda uly taslamalaryň amala aşyrylyşyna gatnaşdyk. Olaryň arasynda gazhimiýa toplumlary, dokma we sement önümçiligi boýunça zawodlar bar. Türkmenistanda daşary ýurt maýadarlary üçin ähli zerur şertler döredilip berilýär. Ýurduň maýa goýum syýasaty, açyklygy we howpsuzlygy bize öz işimizi netijeli alyp barmaga ýardam berýär. Bu ugurda türkmen Lideriniň tagallalaryny aýratyn bellemek gerek.

Biz geljekde-de türkmen bazarynda iş alyp barmagy maksat edinýäris. Ine, şu niýet bilenem nobatdaky işewürler maslahatyna gatnaşmaga geldik. Şu günki işewürleriň duşuşygynyň, umuman, türkmen Lideriniň nobatdaky iş saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň