Soňky habarlar

Arhiw

Miçiýuki Ýajima: «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýär»

16:0323.10.2019
0
1683

Tokio şäheriniň «Shinagawa Prince Hotel» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-ýapon işewürler maslahatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasynyň menejeri Miçiýuki ÝAJIMA bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada «Türkmenistan» pikirlerini beýan etdi.

— Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde guralýan işewürler maslahaty iki ýurduň ykdysadyýet we maliýe düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Işewürleriň arasynda geçirilýän şeýle duşuşyklar ozal toplanan tejribä esaslanyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýär.

«Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasynyň Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtamak isleýärin. Kompaniýamyz indi birnäçe ýyldan bäri, türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýar. Biziň Türkmenistanda gatnaşan iri taslamalarymyzyň hatarynda Marydaky karbamid zawodynyň, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyklary bar. Biz bu taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde durmuşa geçirdik. Owadandepedäki tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän iri gazhimiýa toplumy ýaly sebitde we tutuş dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawody gurmaga gatnaşmak kompaniýamyz üçin uly derejedir, hormatdyr.

Türkmenistanda ýurdy senagatlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şoňa görä-de, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýär. Geljekde tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça täze önümçilikleriň gurluşygynda iş alyp baryp, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy has-da giňeltjekdigimize uly ynam bildirýäris. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň