Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşdy

15:5623.10.2019
0
2475

23-nji oktýabrda, günüň birinji ýarymynda Tokio şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen duşuşdy ― diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Jenap Oşima ýokary derejeli myhmany mähirli garşylamak bilen, Türkmenistanyň baştutany bilen duşuşmak onuň üçin uly hormat bolandygyny belledi. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeliligi hem-de ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtalyp geçildi.

Mähirli garşylama we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Wekiller palatasynyň başlygyny we Ýaponiýanyň dostlukly halkyny Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy bilen gutlady. Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy birek-birege özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ösüşe bolan ymtylyş esasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Türkmenistan Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ugurda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gepleşikleriň wajyplygyny hem belledi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köptaraply potensialyň bardygy nygtaldy. Şeýle hem, ynsanperwer ulgamyndaky – ylym, bilim we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy täze ähmiýete eýe boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistan we Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň, şol sanda, BMG-niň çäklerinde köptaraply düzümde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklary barada bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima iki ýurduň we halklaryň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmäge ynam bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň