Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: törkmen futzalçylary şu gün saýlama ýaryşa girişer

11:2023.10.2019
0
4027

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Urmiýa şäherinde futzal boýunça 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çemipionatynyň saýlama tapgyrynyň Merkezi we Günorta zolagynyň ýaryşlaryna badalga berler.

Bu zolaga Merkezi we Günorta Aziýanyň 7 ýygyndysy wekilçilik edýär. Olar bije çekilişigiň esasynda iki toparça bölündiler.

«A» toparça: Özbegistan, Täjigistan, Nepal, Owganystan.

«B» toparça: Eýran, Gyrgyzystan, Türkmenistan.

Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky türkmen futzalçylary şu gün Eýranyň ýygyndysynyň garşysyna geçiriljek duşuşyk bilen saýlama tapgyra girişerler. Duşuşyklaryň ählisi Ghadir Hall sport toplumynda geçirilýär.

Saýlama tapgyryň Merkezi we Günorta zolagynyň meýilnamasy:

23-nji oktýabr (çarşenbe)

«A» toparça

13:00* Täjigistan ― Nepal

15:30 Özbegistan ― Owganystan

«B» toparça

18:00 Türkmenistan ― Eýran

24-nji oktýabr (penşenbe)

«A» toparça

13:00 Owganystan ― Täjigistan

15:30 Nepal ― Özbegistan

«B» toparça

18:00 Gyrgyzystan ― Türkmenistan

25-nji oktýabr (anna)

«A» toparça

13:00 Nepal ― Owganystan

15:30 Özbegistan ― Täjigistan

«B» toparça

18:00 Eýran ― Gyrgyzystan 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň