Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň ilçihanasy Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek üçin uly mukdarda grant bölüp berdi

10:4023.10.2019
0
7364

ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Metýu Klimow ABŞ-niň «Medeni mirasy saklap galmak boýunça ilçiniň gaznasyndan» (AFCP) maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligine 150 000 amerikan dollarynyň möçberinde grant bölüp berdi. Bu sowgady Klimow şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen resmi dabarada gowşurdy.
Grant Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we saklap galmak maksatnamasynyň üçünji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin niýetlenen. ABŞ-niň ilçihanasy we onuň hyzmatdaşlary bu serişdeleri kerwensaraýyň günorta-gündogaryndaky içki diwarlary, arka görnüşli galareýalary, gümmezleri we nagyşlary, şonuň ýaly-da, esasy girelgesiniň çepindäki we sagyndaky daşky diwarlary dikeltmäge gönükdirerler.
ABŞ-niň ilçisi tarapyndan şeýle grant üçünji gezek bölünip berilýär. Ozal berlen iki grantyň hasabyna kerwensaraýyň diwarlary we arka şekilli gümmezleri abatlanyldy. Ozal habar berşimiz ýaly, geçen ýyl bu ýadygärligi dikeltmegiň birinji tapgyry, bu ýyl bolsa ikinji tapgyry tamamlanypdy.
Şonuň ýaly-da, saýtda «Medeni mirasy saklap galmak boýunça ilçiniň gaznasynyň» Türkmenistanda amala aşyrylýan şeýle taslamalaryň 26-syny jemi ABŞ-niň 1,6 million dollaryna barabar bolan pul bilen maliýeleşdirendigi barada habar berilýär. Bu dünýäde iň köp taslamadyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ-niň ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri, köp asyrlyk senetleri we halylary, halk sazyny we türkmen golýazmalaryny gorap saklamaga we öwrenmäge ýardam bermek maksady bilen işleşýär.
— Daýahatyn milli baýlykdyr, şonuň üçin hem Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň mirasynyň şeýle möhüm bölegini saklap galmakda Birleşen Ştatlaryň öz ornunyň bardygyna begenýärin. Men bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Daýahatynyň owadanlygy ýerli, şonuň ýaly-da, halkara derejesinde gelýänleriň has köpüsi üçin elýeter bolar diýip tama edýärin — diýip, ilçi Klimow dabarada aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň