Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

18:4522.10.2019
0
1638

Şu gün ― 22-nji oktýabrda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habarynda aýdylýar.

Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden düzülen türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 

Saud tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen ylmy çäräniň barşynda iki ýurduň wekilleri iki döwletiň syýasy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwrüň derwaýys talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünär derejeli halkaraçy-hünärmenleri we diplomatlary taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has giňledilmeginiň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň