Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeleriniň dördüsi BMG-niň döredilen gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşdy

18:4222.10.2019
0
894

Düýn ― 21-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

BMG-niň güni mynasybetli geçirilen bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşik “Içerki baýlyklar Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň çeşmesidir” atly tema boýunça iňlis dilinde geçirildi we oňa 4 sany ýokary okuw mekdeplerinden 4 topar gatnaşdy.

Bäsleşik BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ý.Panowanyň çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynyň dowamynda bu çäräniň eýýäm 7 ýyl bäri geçirilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň ýaş nesilleriniň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda goşant goşýandyklaryny belledi.

Çykyşlara emin agzalary: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy K.Weýgand, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili L.Frebort baha berdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşan ähli talyplara hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. BMG-niň Baş kubogyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň