Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: ertir 17-nji tapgyryň «Energetik» ― «Altyn asyr» duşuşygy geçiriler

18:3822.10.2019
0
454

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy ertir Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriljek duşuşyk bilen dowam eder. «Energetik» bilen ýaryşyň lideri «Altyn asyryň» arasyndaky bu oýun çempionatyň 17-nji tapgyrynyň soňa süýşürilen duşuşygydyr.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň gündiz sagat 15-de başlanmagyna garaşylýar. Balkanabatly S.Gurbanow duşuşygyň baş emini bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasynda paýtagtly eminler M.Allaberdiýew bilen A.Jumaýew kömek berer.

Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Marydan A.Begnazarow, gözegçi emini bolsa Aşgabat şäherinden E.Ramazanow bolar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň