Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde ýaşlaryň we çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

18:3622.10.2019
0
1167

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ýaşlaryň we çagalaryň hukuklary» atly okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň diwanynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň (UNISEF) bilelikde guran çäresine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň, etrap häkimlikleriniň hünärmenleri, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynyň ýolbaşçylary, welaýat kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.

Onda çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa we jemleýji bellikler barada, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018—2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy boýunça prezentasiýalar boldy. Şonuň ýaly-da, Adalatçynyň şikaýatlary kabul edip, olary derňemegi, seretmegi üpjün etmekdäki, çaganyň hukuklarynyň berjaý edilişine garaşsyz barlaglary geçirmekdäki orny barada giňişleýin durlup geçildi. Çaganyň zorlukdan, ezilmekden, maşgalanyň hem-de jemgyýetiň çäginde rehimsiz çemeleşilmekden azat bolmaga hukugy we onuň hossarsyz hem-de howandarsyz goýlup bilinmezligi barada prezentasiýadan soň kanun bilen gapma-garşylykdaky çagalar, ýuwenal ýustisiýanyň esasy halkara ýörelgeleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, çaganyň hukuklary we bähbitleri, olaryň öz pikirlerini erkin beýan etmäge we diňlenilmegine bolan hukugy, çaganyň kemsidilmeginiň, kanun bozmalarynyň öňüni almak we reintegrasiýa (jemgyýete täzeden girizmek) ýaly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň