Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Türkiýede ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

15:4922.10.2019
0
4320

Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ýerli “Dudullu” futbol kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyki 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 29-njy oktýabra çenli dowam eder.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzüminiň türgenleşik ýygnanyşygynda oýunçylaryň 22-sini gözden geçirýändiklerini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň