Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

15:2422.10.2019
0
13997

Ýaponiýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti bu ýurtda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy -  diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşmak mümkinçiligine şatdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Eger biz ösen döwletleriň tejribesine seredip görsek, onda, ilki bilen, bu ösüşleriň esasynda bilim berýän ulgamyň ýokary derejesiniň bardygyna göz ýetireris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz talyplara ýüzlenip, olara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyň miýesser edendigini belledi, çünki Türkmenistan bu ýurt bilen halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ertir (23-nji oktýabrda) işewürler bilen duşuşygyň meýilleşdirilendigini aýdyp, şonda hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulaglar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda, ýygnananlara berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, şeýle hem okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar milli Liderimizi Hirosaki uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize berýän ünsi hem-de atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň