Tbiliside türkmen-gruzin toparynyň mejlisi öz işine başlady

19:5021.10.2019
0
5321

Şu gün – 21-nji oktýabrda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri ýazýar.

Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ýokary depginde ikitaraplaýyn üstaşyr geçelgeleriniň möçberiniň artýandygyny nazara alyp, halkara ikitaraplaýyn, üstaşyr geçelgeleri üçin goşmaça rugsatnamlaryň artdyrmaklygyň zerurdygyny bellediler.

Mejlisiň işiniň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, halkara ulag üstaşyr geçelgeleri babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Türkmen wekiliýeti 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda geçiriljek Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna hem gatnaşar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň