Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk boldy

19:4321.10.2019
0
1320
Türkmenistanyň DIM-nde Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk boldy

Şu gün – 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligini nygtadylar. Mundan başga-da, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň üstünde durlup geçildi. Bu ugurda taraplar BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatyndaky meselelere seretdiler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda, gepleşikleriň dowamynda taraplar işewürler wekiliýetlerini alyşmagyň mümkinçiligine seretdiler. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň