Soňky habarlar

Arhiw

Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusy Aşgabada geldi

12:0121.10.2019
0
451
Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusy Aşgabada geldi

Orient Silk Road Express otlusy Aşgabada geldi. Otly Gazagystan-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan demir ýol geçelgesi boýunça gadymy döwürde we orta asyrlarda Hytaýy Orta Aziýanyň halklary bilen birleşdiren kerwen ýollarynyň ugry bilen syýahat edýän syýahatçylary getirdi.

«Ýüpek ýoly – otlynyň aýnasyndan» diýlip atlandyrylýan syýahata gatnaşýanlary türkmen syýahatçylyk operatorlary Türkmenistanda ýerleşýän özboluşly taryhy-medeni we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere baryp görmäge mümkinçilik döredýärler.

Şeýle hem syýahatçylar Türkmenistanyň häzirki keşbi we gazanan üstünlikleri, binagärlik toplumlary, seýilgäh zolaklarydyr çüwdürimler toplumlary, teatrlar hem-de muzeýler bilen tanyşýarlar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Aşgabada ýörite otlularyň altysy bilen Amerikadan, Awstraliýadan, Ýewropadan, Günorta Aziýadan syýahatçylar geldiler.
Britaniýaly Golden Eagle luxury Trains syýahatçylyk operatory we «Aýan» türkmen syýahatçylyk kompaniýasy Russiýanyň «Золотой орел» («Altyn bürgüt») otlusynda demir ýol syýahatçylygynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Oktýabr aýynda «Золотой орел» otlusynyň ýolagçylary Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar, «Garagum ýalkymy» gaz kraterine baryp gördüler, Daşoguzyň we Ürgenjiň üsti bilen Özbegistana, Gazagystana, soňra Russiýa Federasiýasyna gitdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň