Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Ahal» möhüm duşuşykda «Köpetdagdan» utuldy

23:4820.10.2019
0
6880

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Köpetdag» «Ahaly» kabul etdi.

Ýeňşiň iki tarap üçin hem wajypdygyny nygtamak gerek. Ol myhman tarapa çempionlyk ugrundaky göreşden galmazlyk, ýer eýelerine bolsa öňdebaryjylaryň üçlügine ýakynlaşmak üçin gerek. Şonuň üçin hem duşuşyk juda gyzykly we dartgynly boldy.

Birinji ýarymy «sessiz» geçen duşuşygyň ilkinji pökgüsini 52-nji minutda «Köpetdagyň» futbolçysy Baýramgeldi Gulmaýew geçirdi. Şondan 10 minut soňra «Ahal» ýarym goragçy Elman Tagaýewiň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňlän bolsa, bu deňlik bary-ýogy dört minut dowam etdi. 66-njy minutda Şiri Annaýew Içeri işler ministrliginiň toparyny hasapda ýene öňe çykardy. Duşuşyk «Köpetdagyň» 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen hem tamamlandy.

Wise-çempiony ýeňmek «Köpetdagyň» baş tälimçisiniň kömekçisi Yklym Berdiýew üçin hem sowgat boldy. Ol bu möhüm ýeňşiň gazanylan gününde 59 ýaşyny doldurdy. Şonuň üçin duşuşykdan soňra tutuş topar tälimçini doglan güni bilen gutlady.

Duşuşykdan soňra «Köpetdag» utugyny 32-ä çykardy, topar ýaryş tertibinde dördünji orny eýeleýär. «Ahal» bolsa 37 utukda galyp, ýaryşyň liderinden 10 utuk yza galdy.

68-nji minutda «Köpetdagyň» baş tälimçisi Tofik Şükürowyň emin Jumamyrat Jumamyradowdan sary duýdurdyş kartyny alandygyny hem ýatlamak gerek.

Hasaplamalary söýýänler üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýetirýäris:

«Köpetdag» ― «Ahal» ― 2:1 (0:0)

2019-njy ýylyň 20-nji oktýabry. Aşgabat. «Köpetdag» stadiony. 500 tomaşaçy.

Gollar: Baýramgeldi Gulmaýew, 52, Şiri Annaýew 66 ― Elman Tagaýew 62.

Duýduryşlar: Resul Mahmudow 1, Ýazgylyç Gurbanow 48, Tofik Şükürow (baş tälimçi) 68, Rahat Japarow 82 ― Didar Durdyýew 71, Yhlas Saparmämmedow 86, Abdy Bäşimow 87.

Emin: Jumamyrat JUmamyradow (Aşgabat).

Kömekçiler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat), Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat)

Ätiýaçdaky emin: Mergen Allaberdiýew (Aşgabat).

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew (Daşoguz). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň