Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekilýeti Hytaý - Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

20:3620.10.2019
0
2458
Türkmen wekilýeti Hytaý - Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.

Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi ― diýip, TDH habar berýär.

2012-nji ýylda döredilen Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň forumy sebitleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara hyzmatdaşlygyň ösdurilmegine örän uly ähmiýet berýär. Onuň işiniň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar.

Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti logistika, elektron täjirçiligi, “akylly şäherleriň” bilelikdäki gurluşygy, dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Hytaý - ASEAN» EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylary, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi. Bu neşirleriň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi işleri esasy orny eýeledi.

Foruma gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn görnüşde söwda-ykdysady gatnaşyklarda, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny bellediler.

Bu forumyň esasy wezipesi Hytaýyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze badalga bermekden, onuň täze görnüşlerini kesgitlemekden hem-de bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ylalaşylan çemeleşmeleri we gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň