Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Aşgabat» Ýokary ligada 150-nji gezek utuldy

14:1720.10.2019
0
370
TÝL ― 2019: «Aşgabat» Ýokary ligada 150-nji gezek utuldy

Ýokary liganyň 21-nji tapgyrynda «Altyn asyrdan» 1:3 hasabynda utulan paýtagtyň adybir topary 2006-njy ýyldän bäri dowam edýän Ýokary liga taryhynda 150-nji şowsuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy.

Çempionata geläýen ýyllarynda çempionlyga çenli baryp ýeten «Aşgabat» bu üstünlikli ýoluny soňky möwsümlerde dowam edip bilmedi. Taryhda 2008-nji ýylda toparyň ýeke duşuşykda hem ýeňilmändigini görýäris. Şol ýyl 20 duşuşygyň 16-synda ýeňiş gazanyp, 4-sinde deňme-deň oýnan topar çempion boldy.

Ýöne şondan dört ýyl soňra topar bir möwsümde 23 gezek ýeňildi we ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagyna çenli geldi. Ýeri gelende aýtsak, şol ýyl ― 2012-nji ýylda çempionat 32 tapgyrdan ybarat bolupdy.

Aşgabat bu möwsümde 21 duşuşygyň 13-sinde garşydaşlaryndan asgyn geldi. 21-nji tapgyryň netijesi bolsa topar üçin «ýubileý utulyş» boldy. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň