Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Merw» 300-nji gezek utuldy

14:1520.10.2019
0
430
TÝL ― 2019: «Merw» 300-nji gezek utuldy

Düýn Mary şäherindäki Sport toplumynda geçirilen duşuşykda «Merw» «Energetikden» 2:3 hasabynda asgyn geldi. Bu utulyş biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, «Merwiň» Ýokary ligadaky 300-nji utulyşydyr.

Ýokary liga döredileli bäri onuň ähli möwsümlerinde ýaryşyp gelýän iki toparyň biri bolan «Merw» iň az utulan möwsümi hökmünde 2012-nji ýylyň futbol möwsümini görkezip bileris. Şol ýyl taryhyndaky ilkinji çempionlygyny iň soňky tapgyrlarda «Balkana» (häzirki «Nebitçi») gidiren «Merw» tälimçi Rahym Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylygynda möwsümde bary-ýogy 2 gezek utuldy. Hatda şol ýyl çempion «Balkanda» hem 5 utulyş bardy.

2017-nji ýylyň futbol möwsümi bolsa «Merwiň» iň kän utulan ýylydyr. Möwsümde 32 tapgyr geçirildi. 19 gezek utulan «Merw» 9 toparyň arasynda 8-nji orny eýeledi.

Topar bu möwsümde-de 8-nji orunda. Yzda galan 21 tapgyrda «Merwiň» 15 utulyşy bar. Öňde-de ýene 7 tapgyr dur. Eger şu gidişine gitse, topara taryhyndaky rekord derejede utulyşyň howpy abanýar. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň