Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: «Altyn asyr» möwsümde 50-nji goluny geçirdi

13:5920.10.2019
0
1103

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary Ýokary liganyň 21-nji tapgyrynda «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňdi. Şu duşuşykda ýeňiji toparyň geçiren üçünji pökgüsi (ony goşmaça wagtyň 3-nji minudynda Selim Ataýew geçirdi) Ýokary liganyň şu möwsümindäki 50-nji goly hökmünde hasaba alyndy. «Aragatnaşykçylar» möwsümde bu sepgide ýetip bilen ilkinji topardyr. Geçirilen gollaryň sany boýunça iň ýakyn bäsdeş bolan «Şagadamyň» hasabynda 34 gol bar.

Ýetilen sepgide toparyň futbolçylary Altymyrat Annadurdyýew 10, Myrat Annaýew 8, Myrat Ýagşyýew 7, Mihail Titow 6 gol bilen goşant goşdular. Şeýle hem Ýokary liganyň şu möwsüminde toparyň düzüminde Begenç Akmämmedow 4, Resul Hojaýew, Begmyrat Baýow, Selim Nurmyradow dagylar 2,  Zafar Babajanow, Gurbangeldi Batyrow, Bagtyýar Gürgenow, Welmyrat Ballakow, Merdan Muhadow, Selim Ataýew dagylar 1 gezek tapawutlandy.

Şu möwsümde iň köp gol geçirilen duşuşyklaryň üçüsinde-de ýeňiji tarapyň «Altyn asyr» bolandygyny, toparyň 12-nji tapgyrda «Merwiň» derwezesine jogapsyz 6 pökgi geçirip, möwsümiň iň uly tapawutly ýeňşine hem eýelik edýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýaguly Hojageldiýewiň şägirtleri geçen möwsümi 65 gol bilen jemläpdiler. Bu möwsümde heniz ýene ýedi tapgyr bar. Soňky dört duşuşykda garşydaş toparlara 14 pökgi geçiren «Altyn asyryň» öňde duran sekiz (ätiýaçda hem bir oýun bar) duşuşykda geçen ýylky netijesini gaýtalap, belki ondan geçip biljekdigine ynanyp bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň