Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, anons: «Köpetdag» ― «Ahal»

13:4720.10.2019
0
502

21-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy şu gün ýer eýeleriniň adybir stadionynda, sagat 16-da başlanar. Oňa paýtagtly Jumamyrat Jumamyradow eminlik eder.

Eýse, duşuşyk ýaryş tertibine nähili täsir eder. Utulyş ýaryş tertibinde biri-birine goňşy bolan toparlaryň ikisine-de täsir etmez. Çünki edil häzir üçünji orundaky «Ahal» bilen dördünji orundaky «Köpetdagyň» arasynda 8 utuklyk tapawut bar. Ýöne «Köpetdagdan» utulaýsa, «Ahalyň» kümüş medal ugrundaky göreşine uly zeper ýeter. Düýn «Şagadam» hem ýeňiş gazandy. Diýmek, göreşden galmajak bolsa, Amangylyç Koçumowyň şägirtlerine diňe ýeňiş gerek.

Iki toparyň arasynda Birinji aýlawda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şol bir hasap ikinji aýlawda-da üýtgemedi. Umuman, «Köpetdag» «Ahal» üçin ýeňmesi kyn garşydaşlaryň biri. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyny geçen ýyl Kubok ýaryşyndan hem hut «Köpetdag» çykarypdy.

Toparlaryň soňky geçiren bäş duşuşygyna nazar aýlanymyzda «Köpetdagyň» üstünligi göze ilýär. Şol duşuşyklarda üç gezek ýeňip, bir gezek utulypdyr. Bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlanypdyr. «Ahal» bolsa iki duşuşykda ýeňip, iki duşuşykda utuldy. Şeýle hem bir deňlik bar.

 “Köpetdag” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň