Çärjew etrabyndaky guşçulyk toplumynda bir günde 50 müň ýumurtga alynýar

02:1820.10.2019
0
2796

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän guşçulyk toplumynda bir-gije gündiziň dowamynda 50 müň ýumurtga alynýar ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.
Toplum 2016-njy ýylda ulanylmaga tabşyrylypdy. Ol ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen. Bu bolsa işleriň köpüsini awtomatik usulda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Häzir bu ýerde 70 müň gowrak towuga ideg edilýär. Guşçular önümlerine bolan ýokary islegi göz öňünde tutup, önümçiligi giňeltmegi makul bildirler. Şu günler toplumyň ýakynynda täze fermanyň gurluşygy alnyp barylýar. Ol ulanylmaga tabşyrylandan soň ýene-de 40 müň towuk saklamaga mümkinçilik dörär. Netijede alyjylara iberilýän ýumurtgalaryň sany ep-esli artar.

Welaýatda daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan harytlary, şol sanda azyklyk önümleri öndürmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Guş idedijiler hem bu döwlet ähmiýetli işe özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Welaýatda ýumurtga we guş etini öndürýän toplumlaryň birnäçesi hereket edýär. Bu bolsa içki bazary Türkmenistanda öndürilýän azyklyk önümleri bilen doldurmaga şert döredýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň