Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 7 million manatlyk önüm öndürildi

02:0020.10.2019
0
1674

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda türkmen pagtasyndan lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan ýokary hilli sargy serişdeleri taýýarlanýar. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda täze hasyl gaýtadan işlenilip, öndürilýän pagta süýümi bu ýere şobada gelip gowuşýar. Şeýlelikde, döwrebap kärhananyň önümçilik möçberi günsaýyn ýokarlanýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu ýylyň başyndan bäri, bu ýerde 12 görnüşli sargy serişdeleriniň 7 million manatlyga golaýy öndürildi. Kärhananyň önümçilik kuwwaty geljegi uly bolan, dünýä derejesine laýyk gelýän, lukmançylyk işinde giňden ulanylýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçiliklidir. Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan öz önümlerimizi öndürmäge aýratyn üns berilýär. Kärhananyň leýkoplastyr we bint, agartma, dokma hem gipsleýji bölümleriniň dördüsinde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli önümler taýýarlanylyp, olaryň uly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Kärhanada sargy serişdelerini öndürmek üçin çig mal hökmünde, esasan, Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigiň ýüplükleri ulanylýar. Şeýle-de kärhana çig mal serişdeleriniň üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Abadan nah egriji fabrigi, Aşgabadyň dokma toplumy, Lebabyň ýüpek fabrigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu ýerde ähli iş kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Häzirki wagtda iň kämil enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi bilen lukmançylykda giňden ulanylýan hasa, zyýansyzlandyrylan hasa, lukmançylyk gips sargysy, dokalmadyk ýumşak süýüm, lukmançylyk hasa ýapgysy, maýyşgak sargy, korset, dyzlyk, goşarlyk, leýkoplastyr, sanjym plastyry, ýara plastyry öndürilýär. Diňe şu ýylyň özünde önümçilige täze görnüşli önümleriň ikisi goşuldy.

Zyýansyzlandyrylan hasadan lukmançylyk tomponlary, tirseklik, topuklyk lukmançylyk ýapgy desmallary, lukmançylyk rezin daňysy, damar giňelmegine garşy jorap we beýleki önümçilige täze ornaşdyrylan önümlere ýokary isleg bildirilýär. Senagat pudagynyň iň täze hem iň iri düzümi bolan bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylyň dowamynda pamyk görnüşli süpürgiçleriň 1 millionyny, biobanalaryň 3 millionyny, leýkoplastyryň 700 müňüni, inleýkision plastyrlaryň 600 müňüni öndürmäge barabardyr. Önüm, esasan, zyýansyzlandyrylan we zyýansyzlandyrylmadyk görnüşlerden ybarat bolup, olar lukmançylykda bejeriş we öňüni alyş işlerini ýeňilleşdirýär, arassaçylyk kadalaryny ygtybarly berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda bu ýerde işbaşarjaň ýaşlaryň, tejribeli hünärmenleriň jemi 115-si işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň