Mary welaýatynda 170 müň gektar ýerde galla ekişi geçirilýär

01:5320.10.2019
0
896

Murgap jülgesiniň edermen hasyl ussatlary şu ýylyň galla oragy möwsüminde Watanymyzyň belent harmanyna 396 müň tonnadan geçirip, guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Olar şol gazanylan üstünligi geljek 2020-nji ýylda has-da berkitmek üçin häzirden öndürijilikli zähmet çekýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Welaýatyň topraga yhlasly gallaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin şu ýylyň altyn güýzünde 170 müň gektar meýdana bol hasyl berýän, kesellere durnukly bolan bugdaý tohumuny ekýärler. Olar gije-gündize parh goýmazdan, tutanýerli zähmet çekýärler. Bugdaý ekişini gysga möhletde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, ýokary hilli geçirmek üçin ekişde ulanylýan tehnikalaryň, täze tehnologiýaly ekiji gurallaryň güýjünden ýerlikli peýdalanýarlar. Ekiş geçirýän gurallara tehniki taýdan hyzmat iş üstünde guralýar.

Satyn alynýan traktorlar, däne orýan kombaýnlar, täze tehnologiýaly ekiji gurallar möwsümleýin işleri öz wagtynda, agrotehnikanyň düzgünlerine laýyk, ýokary hilli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bugdaý ekişini Garagum, Baýramaly, Oguzhan, Sakarçäge, Ýolöten etraplarynyň gallaçylary has-da guramaçylykly alyp barýarlar. Bu etraplaryň hasyl ussatlary irki ekiş geçirilen meýdanlarda eýýäm kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Ol ýerlere ösüş suwy berlip, kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen ekinler mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilýär.

Welaýatyň gallaçy kärendeçileri adaty ýyllarda bolşy ýaly, bugdaýyň şu ýyl hem boz toprakly meýdanlara bu ýerleriniň howa, toprak şertlerine uýgunlaşan, hasyllylygy ýokary, kesellere durnukly bolan «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Türkmenbaşy-1», «Krupinka», «Wassa», «Bagrat» ýaly tohumlaryny ekýärler. Çünki bu tohumlary ýetişdirmekde olar baý tejribe topladylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň