Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly harby türgenler ilkinji gezek Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşýarlar

00:0520.10.2019
0
7767

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde VII Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu oýunlara Halkara harby sport Geňeşiniň (HHSG) resmi agzasy hökmünde ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşdy ― diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Açylyş dabarasy Wuhan şäheriniň Sport merkezinde iki sagatlap dowam etdi. Dabaranyň dowamynda köp sanly tomaşaçylara oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň medeni aýratynlyklaryny beýan edýän we dürli häzirkizaman tehnologiýalaryň kömegi bilen taýýarlanan üýtgeşik täsirli çykyşlar görkezildi.

Bütindünýä harby tomusky oýunlary dünýäde Olimpiýa oýunlaryndan soň iň uly sport çäresi hasaplanylýar. «Wuhan 2019»-yň çäklerinde sportyň 31 görnüşlerinden dürli ýaryşlar geçiriler. Oýunlara 100 ýurtdan 10 müňden gowrak harby türgen, tälimçi we beýleki wekiller gatnaşarlar. Harby türgenler jemi 329 altyn medaly eýelemek ugrunda göreşerler.

Her ýyl Halkara harby sport Geňeşiniň 20-den gowrak halkara ýaryşlary we dünýä çempionatlary «Sport arkaly dostluk» diýen şygaryň astynda geçirilýär. Olara 140 ýurtdan müňlerçe harby türgenler gatnaşýar. HHSG tarapyndan gurnalýan tomusky we gyşky Bütindünýä harby oýunlary Olimpiýa oýunlary ýaly dört ýyldan bir gezek geçirilýär.

2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara harby sport Geňeşiniň karargähinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu Geňeşe resmi taýdan kabul edilmegi baradaky islegini beýan edýän resminama HHSG-niň Baş sekretary polkownik Dora Mambi Koita gowşuryldy. Resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli HHSG-niň 2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynyň Punta-Kana şäherinde geçirilen 73-nji Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlandyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Halkara harby sport Geňeşiniň resmi agzasy boldy.

«Wuhan 2019» oýunlarynyň çäklerinde sport ýaryşlary 35 desgada geçiriler. Bu ýaryşa 10 adamdan ybarat bolan topar ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Olaryň 4-si harby türgen bolup, sportuň erkin göreş we dzýudo görnüşlerinden öz başarnyklaryny görkezerler. Olar, dzýudo boýunça G.Begaliýew (90 kg agramda) we M.Gurbanow (73 kg agramda), erkin göreş boýunça bolsa S.Belliýew (125 kg agramda) we G.Hemraýew (65 kg agramda). Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň iň öňdebaryjy türgenleri bolup, mundan ozal hem başga halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň