Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun «Zenidiň» «Rostowy» uly hasap bilen ýeňmegine goşant goşdy

23:1419.10.2019
0
4554

Şu gün Sankt-Peterburg şäherindäki «Gazprom-Arena» stadionynda Russiýanyň Premýer-Ligasynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde «Zenit» «Rostowy» kabul etdi. Duşuşyk Sankt—Peterburgyň toparynyň 6:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

 «Zenidiň» düzüminde has okgunly futbol oýnaýan eýranly türkmen Serdar Azmun duşuşygyň 44-nji minudynda geçiren pökgüsi bilen toparynyň uly hasapdaky ýeňşine goşant goşdy. «Zenidiň» duşuşykdaky beýleki pökgülerini Artýom Dzýuba (3), Wýaçeslaw Karawaýew we Wilmar Barrios geçirdi. Eýranly türkmeniň kolumbiýaly futbolçynyň geçiren golunda hem goşandynyň bardygyny aýtmak gerek. Goşmaça wagtyň 2-nji minudynda ol pökgini meýdanyň merkezinden alyp gaýdyp, ussatlyk bilen topardaşy Wilmar Barriosa geçirdi. Ol bolsa dörän mümkinçilikden peýdalanyp, toparynyň şu duşuşykdaky 6-njy goluny öz adyna ýazdyrdy.

«Zenit» häzir 29 utuk bilen Russiýanyň çempionatynda ikinji basgançakda barýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň