Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belarusdaky Medeniýet günleri Mogilýow şäherinde dowam etdi

18:3719.10.2019
0
6194

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri ýurduň birbada iki şäherinde — Minsk we Mogilýow şäherlerinde dowam etdi. Dostlukly ýurduň milli kitaphanasynda türkmen wekiliýetiniň düzümindäki ýazyjy-şahyrlar bilen belarusly ýazyjy-şahyrlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Duşuşyga belarus tarapyndan ýazyjy, çeper edebiýatlar neşirýatynyň direktory Aleksandr Bodak bilen şahyr hem terjimeçi Ýuliýa Aleýçenko gatnaşdy. Iki halkyň edebiýatynyň wekilleriniň arasyndaky pikir alyşmalarda häzirki zaman türkmen hem belarus eserlerini terjime etmek arkaly okyjylara ýetirmekde eýýäm köp işleriň edilendigi nygtaldy we bu däbi hasda giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Özüniň eýýäm birnäçe sapar Türkmenistana baryp görendigini nygtan Bodak Aşgabadyň gözelligi, arassalygy babatda özünde galan täsirleri beýan etdi. Şeýle-de ol iki dostlukly halkyň arasyndaky edebi gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda döwletlerimiziň paýtagtlarynda geçirilýän medeni çäreleriň ýokary ähmiýete eýedigini, şeýle çäreleriň biriniň hem her ýylda Aşgabatda geçirilmegi däbe öwrülen halkara kitap sergisi bolup durýandygyny nygtady. Belarus ýazyjysy bu kitap sergisinde türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ençemesi bilen dostlaşandygyny aýtmak bilen, geljekde edebi gatnaşyklar bilen bagly dörän dostlugyň has-da berkleşjekdigine ynanýandygyny mälim etdi. Türkmenistanly ýazyjy-şahyrlar öz gezeklerinde belarus topragynda mähirli garşylandyklary üçin hoşallyk bildirip, dünýä halklarynyň medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen ýygjam gatnaşyk saklamakda, türkmen medeniýetini, edebiýatyny dünýä çykarmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagalla edýändigini, munuň üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini Türkmenistanyň Belarusdaky Medeniýet günleriniň hem şeýle tagallalaryň miwesidigini aýtdylar. Geljekde birek-biregiňkide çeper eserleri çap etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşan ýazyjy-şahyrlar eserleri terjime etmekde elinden gelen işi gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bu ýerdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, «Belarusfilm» milli kinostudiýasyna bardylar. Duşuşyga belarus tarapyndan kinostudiýanyň baş direktory Wladimir Karaçewskiniň ýolbaşçylygynda «Belarusfilmiň» wekilleriniň uly topary gatnaşdy. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda kino sungaty babatdaky gatnaşyklary ösdürmekde emele gelen mümkinçilikler we olary has giň çäklere ýaýmak babatda düýpli pikir alyşdylar. Şeýle-de belarusly kinoçylaryň Türkmenistanda, türkmenistanly kinoçylaryň Belarusda kino düşürmeginiň ýagdaýlary barada gürrüň gozgadylar. Sungatyň bu ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak, özara tejribe alyşmak, gysga wagtlyk hünäri kämilleşdiriş okuwlaryny geçmek ýaly meseleleriň ençemesi barada giňişleýin gürrüň eden kinoçylar bilelikde kino surata düşürmegiň mümkinçiliklerini hem öwrendiler.

Şol gün öýleden soňra, Minskidäki «Belarus» kinoteatrynda «At — myrat» atly kinonyň görkezilişi boldy. Oňa belarus kinosynyň wekilleri, bu ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärleri, Minskide ýaşaýan türkmenleriň birtopary, Minskiniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmeniň ahalteke bedewi barada çeper gürrüň berýän bu kino oňa tomaşa edenlerde uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanly medeniýet we sungat ussatlarynyň Mogilýow oblastynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary bilen Mogilýow oblastynyň gubernatorynyň orunbasary Waleriý Malaşkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde iki halkyň medeni gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, bu hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki täze mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi hem gatnaşdy. Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen topary Mogilýow oblastyndaky ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördi.

Agşam Mogilýow şäheriniň medeni aň-bilim işleri we halk döredijilik merkezinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň