Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, anons: «Şagadam» ― «Nebitçi»

12:5319.10.2019
0
545

Şu gün kenarýaka şäheriň futbol janköýerleri Milli futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 27-nji möwsümindäki üçünji Balkan derbisine tomaşa edip bilerler. Çempionatyň 21-nji tapgyrynyň çäginde Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul eder. «Şagadamyň» adybir stadionynda geçiriljek duşuşygyň öýlän sagat 16:30-da başlanmagyna garaşylýar. Duşuşygyň baş emini paýtagtly Resul Mämmedow bolar.

Yzda galan 20 tapgyrdan soňra ýer eýeleri 38 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda. «Nebitçide» bolsa 20 utuk bar. Bu gün ýeňiş «Şagadama» ikinjiligi goramak, «Nebitçä» bolsa ýedinji orundan bäşinji orna çenli göterilip bilmek üçin gerek. Utulyş ýa-da deňlik «Şagadamy» üçünji orna düşürip biler. Çünki ertir «Köpetdag» bilen duşuşjak «Ahal» häzir 37 utukda. «Nebitçi» bolsa güýçli garşydaşyny ýeňen ýagdaýynda «Merw» ― «Energetik» hem-de «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşyklarynyň netijesine görä, ýokarky orunlaryň birine çykyp biler.

Iki toparyň arasynda 7-nji tapgyrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Bu täsin duşuşykda pökgüleriň ikisini hem oýunçylar öz derwezesine geçiripdiler. Has takygy, 36-njy minutda Azat Garajaýewiň («Nebitçi»), 52-nji minutda bolsa Hemra Amanmämmedowyň öz derwezesine geçiren pökgüleri bilen duşuşyk tamamlanypdy.

Ikinji aýlawda Balkanabatda geçirilen duşuşyk «Şagadamyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Nebitçi» öz medanyndaky duşuşygyň 15-nji minudynda Akmämmet Metdäýewiň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Şagadamyň» futbolçylary Daýanç Oragulyýewiň birinji ýarymyň goşmaça wagtynda (45+1), Kerim Hojaberdiýewiň 82-nji minutda geçiren pökgülerine çäre tapyp bilmändi.

Ýer eýeleri ― «Şagadam» soňky bäş duşuşygynyň üçüsinde ýeňiş gazanyp, ikisinde ýeňen bolsa, «Nebitçide» iki ýeňiş, iki utulyş we bir deňme-deňlik bar. Şu gezek gazanyljak ýeňiş «Şagadamyň» utuşly tapgyryny üç duşuşyga çykaryp biler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň