Türkmenistanyň Prezidenti Amyderýanyň üstünden guruljak täze köpriniň taslamasy bilen tanyşdy

23:5918.10.2019
0
29945

18-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, köpriniň hem-de düzümleýin desgalaryň çyzgyly taslamalaryny görkezdi. Şeýle hem «Türkmenbaşy — Farap» we «Aşgabat — Daşoguz» awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp we ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň möhüm wezipelerine ünsi çekip, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak hem-de täze ýollary gurmak işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň, şolary netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şolaryň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, ulaglaryň gatnawyny sazlaşdyrmaga hem-de geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda Lebap welaýatynda awtomobil köprüsiniň gurulmagynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Bu desganyň gurulmagy ýolagçylaryň gatnadylmagyny ep-esli gowulandyrar, hereketiň çaltlygyny artdyrar, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, welaýatyň halk hojalygy üçin ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmaga ýardam eder. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň