Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler

23:5118.10.2019
0
10324

5 — 6-njy noýabrda Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahat geçiriler. Bu barada 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa hasabatynda belledi.

Foruma neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başynda çekişmeleri hem-de beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle-de, täze taryhy eýýamda milli ruhy mirasymyzy wagyz etmekde, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen medeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi babatda forumyň ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň