Soňky habarlar

Arhiw

G.Berdimuhamedow: “Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biridir”

23:4818.10.2019
0
9348

 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu barada 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda degişli ýolbaşçy hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, forum «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli esasda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny we gazananlaryny görkezmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen serginiň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutany mejlisi dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi hem çagyrdy. Ol «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça hasabat berdi.

Şeýle forumlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, energetika bazarlarynyň häzirki ösüş meýilleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutany degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň