Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar

23:4518.10.2019
0
21393

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen,  Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar – diýip, TDH ýazýar.  

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi
hem bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Baku şäherinde geçiriljek sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

 Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammiti barada durup geçmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Munuň şeýledigine türkmen tarapynyň ählumumy ykrar edilen we halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutany dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň