Soňky habarlar

Arhiw

Uşu boýunça Aşgabat şäheriniň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler

11:2718.10.2019
0
523

19-20-nji oktýabr aralygynda sportuň uşu görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň kubogyny almak ugrunda (“Aşgabat” sport toplumynda) ýaryş geçiriler. Ýaryşda 2002-2003-nji ýyllarda doglan türgenler 9 agram derejesinde, 2004-2005-nji ýyllarda doglan türgenler bolsa 10 agram derejesinde bäsleşerler ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Oglan-gyzlaryň arasynda ýeňil atletika boýunça Aşgabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryş “Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň ylgaw ýodalarynda geçirler. 17-18-nji oktýabr aralygynda geçirilmegine garaşylýan bu ýaryşda türgenlerimiz ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň