Soňky habarlar

Arhiw

«Nowruz haly» kärhanasynyň önümleri bäş döwlete eksport edilýär

11:1418.10.2019
0
3233

Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylarynyň hünär baýramçylygyna bagyşlanyp guralýan sergide türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleri görkezmäge giň mümkinçilik döredildi. Sergä gatnaşan hususy kärhanalaryň arasynda «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti hem bar.

2009-njy ýylda esaslandyrylan «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetinde senagat harytlaryny öndürmek boýunça önümçilik işleri ýola goýuldy. Sergide hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Ak suw deri», «MB shoes», «Nowruz haly» kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümler halka hödürlenildi.

Hojalyk jemgyýetiniň «MB shoes» kärhanasynyň işgäri Arslan Gurbanow «Türkmenistan» gazetiniň habarçylaryna gürrüň berşi ýaly, «Ak suw deri» kärhanasynda deri we gön önümleri, «MB shoes» kärhanasynda dürli görnüşli aýakgaplar, «Nowruz halyda» bolsa sintetiki halylar öndürilip, içerki we daşarky bazarlara çykarylýar.

Ýakynda geçirilen sergide «Nowruz haly» kärhanasynyň önümlerine aýratyn gyzyklanma bildirildi. Çünki «taýmaýan haly» diýip atlandyrylýan sintetiki halylar düýpgöter täze tehnologiýa we önümçilik usullaryna esaslanýar. Ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, myhmanhanalar, teatrlar we beýleki dürli maksatlar üçin niýetlenen haly önümlerimiz sowuk howany geçirmezlik, ynsan saglygyna zyýanly maddalary kabul etmezlik ýaly häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Halylary hojalyk şertlerinde kir ýuwujy enjam arkaly arassalap bolýandygy bolsa, olaryň ýene-de bir aýratynlygydyr.

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän önümler Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Singapur ýaly ýurtlarda hem geçirilýän sergilerde dünýä jemgyýetçiligine görkezildi. Biziň önümlerimiz häzirki wagtda Russiýa, Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport edilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň