Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa bazarlarynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň önümlerine isleg artýar

11:0518.10.2019
0
1937

Ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahatda Türkmenbaşy dokma toplumynda öndürilýän naýbaşy önümler hem görkezildi. Toplumda öndürilýän «Nusaý» haryt nyşanly önümleriň häzirki wagtda 30-dan gowrak görnüşi bolup, olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryna hem-de dünýä ýurtlaryna amatly bahadan çykarylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazetiniň habarçylaryna beren interwýusynda toplumyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Gyzylgül Joraýewa aýdýar.

Toplumda öndürilýän önümleriň arasynda ýorgan we düşekçe daşlary, arlyklar, çaga egin-eşikleri, sport geýimleri we gijeki egin-başlar, öý hojalygyna degişli beýleki harytlar bar. Önümler ekologiýa taýdan arassalygy hem-de ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şoňa görä-de, toplumda öndürilýän dokma önümleri we egin-başlar bu günki gün Ýewropanyň ençeme ýurtlaryna eksport edilýär. Diňe bir taýýar önümler däl, eýsem, toplumda öndürilen dürli görnüşli matalar çig mal görnüşinde-de daşary ýurtlara iberilýär.

20 ýyla golaý wagtdan bäri hereket edýän toplum 5 sany fabrigi öz içine alýar. Pagtadan öndürilýän önümler toplumyň degişli fabriklerinde hem egrilýär, hem dokalýar, şol bir wagtda degişli nyşanlar bilen bezelýär hem-de tikinçilik fabriginde tikilip, taýýar önüm görnüşinde müşderilere hödürlenilýär. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşine goşant goşmaga şert döredýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň