«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Türkmenbaşy Halkara deňiz porty boýunça ýük daşamakdaky tejribesini kämilleşdirýär

11:0218.10.2019
0
2221

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky Karary esasynda döredilip, şol ýylyň oktýabr aýyndan bäri işläp gelýär. Merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan multimodal geçelgeler arkaly ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Şoňa görä-de, merkez tarapyndan multimodal gatnawlary, ekspeditor hyzmatlary, şertnamalaýyn logistika, gümrük we ätiýaçlandyryş işleri, gümrük ammarlarynda ýükleri saklamak bilen bagly meseleler boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan» gazetinde «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň marketing bölüminiň baş hünärmeni Rahman Seýitliýewiň beren gürrüňlerine salgylanyp ýazylyşy ýaly, paýdarlar jemgyýetinde işler, esasan, üç ugur boýunça alnyp barylýar. Demir ýol, multimodal gatnawlary hem-de marketing bölümlerinde müşderileriň isleglerini tiz, aňsat we amatly esasda kanagatlandyrmak üçin dürli hyzmatlar ýola goýlan. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda multimodal ulag geçelgeleri arkaly ýük daşamaga isleg örän ýokary. Çünki multimodal diýlende, ilkinji nobatda, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýükleri daşamak göz öňünde tutulýar. Häzirki günlerde merkez tarapyndan ýükleri üstaşyr geçirmekde Eýrandan gelýän harytlary Özbegistana ibermek, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlara ýükleri eksport etmek, import babatynda Eýrandan, Özbegistandan we Azerbaýjandan ýükleri getirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzyň esasy «deňiz derwezesiniň» — Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ýerlikli we netijeli peýdalanmaga hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan öndürilýän nebit we nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna eksport etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň ykdysady we senagat kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak boýunça tagallalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň