Soňky habarlar

Arhiw

Mukamlar köşgünde GDA-nyň Aşgabat sammitine bagyşlanan maslahat geçirildi

10:5418.10.2019
0
3343

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamadan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp, «Türkmenistan — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer ýörelgeler we medeni hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi ― diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty «Türkmenistan» gazetine salgylanyp habar berýär.

Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlary gatnaşdylar.

— Paýtagtymyzda geçirilen sammitiň iň bir tolgundyryjy pursatlarynyň biri hem GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Gahryman Arkadagymyzy «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigidir. Bu belent sylagyň GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogly tarapyndan Arkadag Prezidentimize gowşurylmagy ähli halkymyzy begendirdi.
    Dünýä ýurtlary, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletler bilen medeni, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris — diýip, maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn bellenildi. 

 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň