Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler

23:4917.10.2019
0
3137

Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 15-19-njy oktýabry aralygynda Katar  Döwletiniň Doha şäherinde geçirilýän Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň nobatdaky XXIV Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň gulluk iş sapary dowam edýär ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär. 

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Baş Assambleýasynyň gün tertibine laýyklykda, bu guramanyň birnäçe komitetleriniň (maliýe, türgenler, marketing, kanunçylyk, bilim we lukmançylyk) hasabatlaryny hem-de öňde durýan Tomusky we Gyşky Olimpiýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada olaryň Guramaçylyk komitetleriniň çykyşlaryny diňlemek göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Doha şäherinde ýerleşýän “Aspire” Sport akademiýasynyň we “Aspetar” Lukmançylyk merkeziniň işi bilen tanyşmak üçin barylyp görüldi we bu Merkeziň ýolbaşçysy jenap Halid Ali Al Mawlawi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2016-njy ýylyň martynda iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda gol çekilen özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde sport ylymlary we lukmançylygy babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bu Merkeziň arasynda türgenleri taýýarlamak we olara lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ikitaraplaýyn halkara resminamasynyň taslamasyny taýýarlamak babatda ylalaşyldy. Şonuň ýaly-da, duşuşykda häzirki wagtda paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetinde bu ugurlarda geljekde hünärmenleri taýýarlamakda özara tejribeleri kämilleşdirmek, ylmy işleriň maglumatlaryny alyşmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Bilşiňiz ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek we öňdebaryjylaryň hataryna çykarmak hem-de sport ylymlaryň soňky açyşlaryny ulanmak maksady bilen, ýurdumyzda sportuň görnüşleri boýunça Akademiýalary döretmek barada Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine özüniň degişli tabşyryklaryny berdi.

Katarda (Doha) geçirilýän Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Baş Assambleýasy şu ýylyň 12-16-njy oktýabry aralygynda Doha şäherinde guralan 1-nji Bütindünýä Kenarýaka oýunlarynyň ýapylyş dabarasyndan soňra öz işini dowam etdirýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň