Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentariýleri Hytaýa iş saparyny amala aşyrýar

22:3517.10.2019
0
3656

16-njy oktýabrda HHR-na iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-yň HKP-nyň MK-niň Syýasy edarasynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy, Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyk geçirdi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri beýan edýär.

 Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň dostlukly hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Hytaý we Türkmenistan ýakyn hem-de dostlukly döwlet bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde ygtybarly strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandyrlar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki döwletiň hökümetara, parlamentara we partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň üstünde hem durup geçdiler. Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, senagat desgalarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, aragatnaşyk, ulag-logistika we ykdysadyýetiň beýleki möhüm ugurlaryndaky özarahereketleriň ösdürilmeginiň, kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berdiler.  Şeýle hem saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-yň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagyna baryp gördi we onuň işi hem-de institutlary bilen ýakyndan tanyş boldy.

Türkmenistanyň parlamentariýleriniň Hytaýa sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň