Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde Owganystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

22:3217.10.2019
0
3296

Şu gün – 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki goňşy ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga ygrarlydygyny mälim etdiler. Şeýle hem, diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ýaly wajyp meseleler barada pikir alyşdylar. 

Owgan tarapy Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrundaky edýän tagallalaryny, şeýle-de ýerli ilata yzygiderli iberýän ynsanperwer kömegini aýratyn belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Türkmenistanyň hormatly Prezidentine goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary, hem-de döwletiň durmuş-ykdsady taýdan dikeldilmegi babatda edýän ýadawsyz tagallalary üçin çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň