Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda sport arkaly ynsanyň mümkinçiligini artdyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

17:3717.10.2019
0
3654

Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» şäherçesiniň çäginde ýerleşýän «Olimpiýa» myhmanhanasynda «Sport bilen meşgullanmak – ynsanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly seminar geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Seminara  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär wekilleri, maýyplara niýetlenen sport we durmuş maksatly maksatnamalaryň jogapkär işgärleri, Paralimpiýa komitetiniň, Ýörite Olimpiada guramasynyň, maýyplaryň sport klubynyň işgärleri, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, maýyp-türgenler we talyplar gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar sport arkaly ynsanyň mümkinçiliklerini açmak babatda pikir alyşdylar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler we olaryň netijesi boýunça toplanan tejirbeleri paýlaşdylar.

«Sport bilen meşgullanmak – ynsanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly seminar günüň ikinji ýarymynda hem dowam etdi. Seminaryň bu böleginde sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça kiçi sessiýa guraldy, şeýle-de woleýbol boýunça görkezme çykyşlara tomaşa edildi. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň