Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri açyldy

12:1317.10.2019
0
4162
Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri açyldy

Ozal habar berlişi ýaly, 17-18-nji oktýabrda Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär. 16-njy oktýabrda  Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly topary bu medeni forumy  geçirmek üçin Minsk şäherine bardy. Türkmen wekiliýeti  günüň ikinji ýarymynda şäheriň gözel künjekleri, medeni ojaklary bilen tanyşdylar. Gezelenç Belarus döwlet filarmoniýasyndan başlandy. Soňra Belarus milli kitaphanasyna, Belarusuň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan döwlet muzeýine baryp gördüler.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Minsk we Mogilýow şäherlerine döredijilik iş sapary dowam edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň