Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky duşuşyklarynyň geçiriljek wagty belli boldy

17:0516.10.2019
0
1342

2020-nji ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna ýakyn günlerde badalga berler. Ýer eýesi hökmünde Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň yklym ýaryşyndaky ýeri eýýäm belli. Şeýle-de bolsa, ýaryşyň düzgünnamasyna görä, ony kabul edýän döwletiň milli ýygyndysy hem saýlama duşuşyklara gatnaşýar.

Saýlama tapgyryň Merkezi zolagynyň «B» toparçasynda ýaryşýan türkmen futzalçylarynyň garşydaşlary Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylarydyr. Ýakynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy Eýranda geçiriljek bu duşuşyklaryň wagtyny kesgitledi. Konfederasiýanyň resmi saýtynda berilýän habara görä, milli ýygyndymyz saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 23-nji oktýabrda Eýranyň, ikinji duşuşygyny 24-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň garşysyna geçirer. Duşuşyklaryň ikisi hem ýerli wagt bilen gündiz sagat 14:30-da başlanar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyna beren interwýusynda aýdyşy ýaly, türkmen futzalçylary saýlama tapgyryň duşuşyklaryndan ozal Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler. Futzalçylarymyzyň horwatiýaly hünärmeniň ýolbaşçylygynda gatnaşan ilkinji halkara ýaryşynda ― tälimçiniň Watanynda geçirilen «Dostluk kubogynda» üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolandygyny hem ýatladýarys.

23.10.2019 

TÜRKMENISTAN ― Eýran 14:30

24.10.2019

Gyrygyzystan ― TÜRKMENISTAN 14:30

25.10.2019

Eýran ― Gyrgyzystan 14:30

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň