Türkmen wekilýeti Italiýa iş saparyny amala aşyrdy

11:4116.10.2019
0
3702

14-15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen duşuşyk geçirdi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri ýazýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna  resmi saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-italýan işewürler maslahatyna degişli meselelere hem seredilip geçildi. Şeýle-de taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny belläp, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy geljekde berkitmek barada pikir alyşdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň