Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen teatry Halkara festiwala gatnaşdy

10:3216.10.2019
0
821

11 – 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan “Abiş Älemi” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar.

Festiwalda Türkmenistandan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň topary gatnaşdy. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu oýnuň özeni Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan alynandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň