Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy Sankt-Peterburgda türgenleşýär

20:1515.10.2019
0
5879

Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy  Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde okuw-türgenleşik ýaryşlaryny geçirýär ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň gandbol boýunça ýygyndysynyň agzalary 28-nji sentýabrdan bäri öňdäki jogapkärli ýaryşlara ykjam taýýarlyk görýärler.

14 türgenden we 2 eminden ybarat bolan türkmen wekiliýetiniň okuw-türgenleşik ýaryşlary 16-njy oktýabrda tamamlanar.

Türkmenistanyň gandbol federasiýasynyň ýolbaşçylary Sankt-Peterburg şäherindäki okuw-türgenleşikleriň türgenlerimiziň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna täsir etjekdigini gürrüň berdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň