Halkara Hokkeý federasiýasynyň Rimde geçirilen maslahatynda şaýbaly hokkeý boýunça 2020-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň («A» toparça) bijeleri çekildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.
Habarda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 19-njy aprelde KHDR bilen geçirer. Ertirligi bolsa türkmen hokkeýçileri Türkiýeden gelen garşydaşlary bilen duşuşarlar. Bir günlük arakesmeden soňra ― 22-nji aprelde milli ýygyndymyzyň duşuşyklary ýer eýeleriniň wekilleri ― Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen boljak oýun bilen dowam eder. Şeýle hem hokkeýçilerimiz 24-nji aprelde Taýwanyň, 25-nji aprelde BAE-niň ýygyndylary bilen duşuşarlar. Ähli duşuşyklar Kokelşýoýe şäherindäki Lýuksembergiň Beýik gersoglygy sport toplumynda geçiriler.
Türkmen hokkeýçileriniň öňünde uly maksat: has gowy çykyş edip, dünýä çempionatynyň ikinji dwizionyna çykmak wezipesi dur.