Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi öz işine başlady

17:5715.10.2019
0
13059

Şu gün – 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurnamagynda «Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Sergide ýurduň senagat toplumynyň pudaklarynyň önümleri köp sanly myhmanlara görkezilýär. Ýörite bölünip berlen pawilýonlarda pudaklaryň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

«Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty – öz häsiýeti boýunça Türkmenistanda geçirilýän ilkinji çäre bolup, tejribe, täze pikirler we gazanylan üstünlikler barada pikir alyşmaklyga, şeýle hem Türkmenistana täze innowasiýa çözgütlerini çekmeklige mümkinçilikleri berýär. Sergide eksponentler telekeçilik we kesgitli şertnamalarda we taslamalarda amala aşyryljak, mundan beýläk hem berk hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin özleriniň iň gowy gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Sergi 16-njy oktýabrda öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň